Prezident Erdogan Adam Hukuklary Hereket Meýilnamasyny aýan etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Adam Hukuklary Hereket Meýilnamasynyň taýarlygynda esasy kesgitleýji zadyň milletiň zerurlygy we talaplarydygyny beýan etdi

1593599
Prezident Erdogan Adam Hukuklary Hereket Meýilnamasyny aýan etdi

Prezident Erdogan, Beştepe Millet kongres we medeniýet merkezinde Adam Hukuklary Hereket Meýilnamasynyň tanyşdyrylyş maslahatynda çykyş etdi. 

Adam Hukuklary Hereket Meýilnamasynyň, 2 ýyllyk bir möhletde durmuşa geçirilmek maksady bilen taýarlanandygyny aýdan Erdogan: "Görüşi azat şahsyýet, güýçli jemgyýet, demokratik bir Türkiýe hökmünde kesgitlenen hereket meýilnamamyz 11 esasy ýörelge bilen başlaýar" diýip habar berdi. 

Prezident Erdogan şol ýörelgeleriň ilkinji 3-sini aşakdakylardygyny belläp geçdi. 

1. Adam, dogulanyndan başlap eýe bolan üýtgewsiz hukuklary bilen ýaşar. Döwletiň esasy maksady we wezipesi, şol hukuklary goramak we özgertmekdir. 

2. Adamyň mertebesi, ähli hukuklaryň esasy hökmünde hukugyň goragy astyndadyr. 

3. Dil, jyns, reňk, jynsylyk, syýasy düşünje, pelsepe ynanjy, din, messep we şuňa meňzeş sebäpleriň esasynda hiç hili diskriminasiýa bolmadan her kim hukugyň öňünde deňdir. 

Prezident Erdogan, Adam Hukuklary Hereket Meýilnamasynyň 9 maksadyny bolsa şular diýip belledi: 

1. Has güýçli adam hukuklary gorag ulgamy. 

2. Kazyýetiň garaşsyzlygy we adalatly kazyýet hukugynyň güýçlendirilmegi. 

3. Hukuk taýdan öňünden çak edip bilmeklik we açyklyk. 

4. Söz azatlygy, guramaçylyk we dini azatlyklaryň goralmagy we özgerdilmegi. 

5. Şahsyýetleriň azatlyklarynyň we howpsuzlyklarynyň güýçlendirilmegi. 

6. Adamlaryň maddy we ruhy bütewiligi bilen şahsy durmuşlarynyň howpsuzlyk astyna alynmagy. 

7. Emläk hukuklarynyň has täsirli goralmagy. 

8. Näzik gatlaklaryň goralmagy we jemgyýetçilik durnuklylygyň güýçlendirilmegi. 

9. Adam hukuklary babatynda ýokary derejeli administratiw we jemgyýetçilik habarlylyk. 



Degişli Habarlar