“Konstitutsiýanyň Täze Tekstini Ara Alyp Maslahatlaşmak Üçin Işe Girişýäris”

Prezident R.T.Erdogan ähli taraplary konstitutsiýanyň täze tekstiniň taýarlanmagyna goşant goşmaga çagyrdy

1593295
“Konstitutsiýanyň Täze Tekstini Ara Alyp Maslahatlaşmak Üçin Işe Girişýäris”

Prezident R.T.Erdogan konstitutsiýanyň täze tekstiniň ara alynyp maslahatlaşylmagy üçin işe girişiljekdigini aýtdy.

Erdogan ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýannama berdi.

 Syýasatyň esasy borçlaryndan biriniň Türkiýäniň aýagyna urlan agdarlyşyk konstitutsiýasy gandalyndan halas etmekdigini aýdan Erdogan: “Gynansagam şu günki güne çenli milletimize laýyk täze we döwrebap konstitutsiýamyza gowuşyp bilmedik” diýdi.

“Ähli syýasy partiýalaryň başda durmagynda degişli taraplary täze we jemgyýet konstitutsiýasynyň taýarlanmagyna goşant goşmaga çagyrýarys” diýen Erdogan, ähli taraplaryň goşandygyny almak üçin işe girişendiklerini, bu ugurda öz taýarlyklarynyň bolsa başlandygyny aýtdy.



Degişli Habarlar