Türkiýäniň daşary işler ministri horwatiýaly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Mewlüt Çawuşogly 26-njy fewralda Horwatiýada resmi saparda bolupdy

1592746
Türkiýäniň daşary işler ministri horwatiýaly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Horwatiýanyň Daşary we Ýewropa işleri boýunça ministri Gordan Grlik Radman bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Telefon söhbetdeşliginde Mewlüt Çawuşoglynyň Horwatiýa guran saparynda ele alynan meseleleriň gözegçiligi ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Mewlüt Çawuşogly 26-njy fewralda Horwatiýada resmi saparda bolupdy. 

Saparyň çäginde Horwatiýanyň Prezidenti Zoran Milanowiç tarapyndan kabul edilen Mewlüt Çawuşogly, saparynyň çäginde gün tertibiniň ileri tutulýan sebitleýin we halkara meselelerini maslahatlaşypdy. 

Mewlüt Çawuşogly, Horwatiýanyň Bosniýa-Gersegowinadaky rolunyň möhümdigini belläp, Türkiýe-Horwatiýa-Bosniýa Gersegowina Üçtaraplaýyn mehanizmiň liderler derejesine ýetirilmegi barada karar kabul edendiklerini mälim edipdi. 

Ministr Mewlüt Çawuşogly, Horwatiýa guran saparynyň çäginde 2020-nji ýylyň ahyrynda ýer titremäniň başdan geçirilen ýurdyň Petrinýa sebitine hem baryp görüpdi. 



Degişli Habarlar