Prezident Erdogan "Adam hukuklary hereket meýilnamasyny" ertir aýan eder

"Adam hukuklary hereket meýilnamasy" Türkiýäniň esasy syýasy resminamasy bolar

1592583
Prezident Erdogan "Adam hukuklary hereket meýilnamasyny" ertir aýan eder

Adalat ministrligi tarapyndan taýarlanan "Adam hukuklary hereket meýilnamasy" Prezident Rejep Taýýip Erdogan tarapyndan ertir aýan ediljekdigi habar berildi. 

Meýilnamanyň gutrnykly maksadynyň "Täze we raýat konstitutsiýasyny emele getirmekdigi" bellendi. 

Prezident Erdogan tarapyndan aýan ediljek "Adam hukuklary hereket meýilnamasy" programmasyna, syýasy partiýalaryň başlyklary hem çagyryldy. 

Türkiýäniň wagty bilen sagat 13:30-da başlajak çäre Beştepe Millet kongres we medeniýet merkezinde geçiriler. 

Çärä şeýle hem TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentop, Ministrler kabinetiniň mejlisiniň agzalary, musulman bolmadyk jemgyýetleriň wekilleri, ilçiler bilen BMG-nyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropa Geňeşiniň, Ýewropanyň Adam hukuklary kazyýetiniň wekilleri, jemgyýetçilik guramalaryň başlyklary, uniwersitetleriň rektorlary, dekanlar, akademikler, hukukçylar we metbugat işgärleri gatnaşar. 

"Adam hukuklary hereket meýilnamasy" Türkiýäniň esasy syýasy resminamasy bolar. 



Degişli Habarlar