Oktaý Türkiýäniň ösüş görkezijileri bilen bagly beýanat berdi

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, pandemiýa etabynyň Türkiýäniň ösüş tizliginiň öňüni kesip bilmändigini belledi

1592863
Oktaý Türkiýäniň ösüş görkezijileri bilen bagly beýanat berdi

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, sosial media hasabyndan 2020-nji ýylyň ösüş görkezijileri bilen bagly beren beýanatynda: "Pandemiýa etaby ösüş tizligimiziň öňüni kesip bilmedi. G-20-a agza ýurtlaryň içinde Hytaý bilen birlikde ösüş eden ýurt boldyk. Durmak ýok, ýolumyza dowam" diýip habar berdi. 

Türkiýäniň Jemi içerki önümi 2020-nji ýylda 1,8 göterim artdy. 

Jemi içerki önüm 2020-nji ýylyň 4-nji soňky çärýeginde bolsa 2019-njy ýylyň 4-nji çärýegi bilen deňeşdirilende 5,9 göterim artyş hasaba alyndy. 



Degişli Habarlar