Ministrler Kabinetiniň Mejlisi Şu Gün Prezident Erdoganyň Ýolbaşçylygynda Geçirler

Mejlisde täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde tapgyrlaýyn kadalaşma etaby ara alnyp maslahatlaşylar.

1592451
Ministrler Kabinetiniň Mejlisi Şu Gün Prezident Erdoganyň Ýolbaşçylygynda Geçirler

 

Ministrler kabinetiniň mejlisi şu gün Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçirler.

Ministrler kabinetiniň mejlisinde täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde tapgyrlaýyn kadalaşma etaby ara alnyp maslahatlaşylar.

Ministrler kabinetiniň mejlisinde Kovid-19-a garşy Türkiýedäki sanjym etaby, Hytaýdan we Germaniýadan alynjak sanjymlar we koronawirusa garşy ýerli sanjymyň öndürilmegi etabynda ýetilen sepgit giňişleýin ara alyp maslahatlaşylar.

Prezident Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň mekdepleriň, naharhanalaryň we kafeleriň açylmagy bilen birlikde köçä çykmak gadagançylygy meselesinde kabul edilen täze kararlar hakynda metbugata beýannama berer.



Degişli Habarlar