2-nji Martdan Başlap Gözegçilikli Kadalaşma Tapgyry Başlar

Koronawirusa garşy göreşi dowam edýär

1593033
2-nji Martdan Başlap Gözegçilikli Kadalaşma Tapgyry Başlar

 

Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi dowam edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 69 boldy.

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 28 müň 638  adama ýetdi.

24 sagadyň dowamynda 130 müň 506 adam testden geçirilip, ýene-de 645 adama koronawirusyň ýokaşandygy  anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 9 müň 891 adama ýetdi

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 5 müň 947 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 2 million 578 müň 181 adama ýetdi.

Beýleki tarapdan Prezidet R. T. Erdogan, 2-nji martdan başlap gözegçilikli kadalaşma tapgyrynyň başlajakdygyny habar berdi.

Prezident Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň Kovid-19 epidemiýasyna garşy göreş hakynda maglumat berdi.

1 ýyl ozal epidemiýa garşy göreşiň başlandygyny ýatladan Erdogan, 2-nji martdan başlap gözegçilikli kadalaşma tapgyrynyň başlajakdygyny aýtdy.

Ähli şäherleriň 4 howp toparyna bölünjekdigini, şol toparlaryň her hepde seljeriljekdigini beýan eden Erdogan, çäreleriň şertlere görä 2 hepdeden bir gezek gowşadyljakdygyny ýa-da berkidiljekdigini aýtdy.

Erdogan: “9 milliona barabar bolan sanjymlama mukdary bilen ilatynyň 10 göteriminden gowragyny sanjymlan Türkiýe dünýäde birinji bäşligiň hatarynda” diýdi.



Degişli Habarlar