Prezident Erdogan 28-nji fewral agdarlyşygy bilen bagly wideo ýüzlenme berdi
Prezident Rejep Taýýip Erdogan, harby agdarlyşygyň adamzat jenaýatydygyny beýan etdi
Prezident Erdogan, Türkiýäniň syýasy taryhyna postmodern agdarlyşyk hökmünde geçen 1997-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky tapgyryň 24-nji ýyly bilen bagly wideo ýüzlenme berdi.
Erdogan wideo ýüzlenmesinde 28-nji fewraly başyndan geçirendigini, adalatsyz ýagdaýda tussag edilendigini belläp: "Agdarlyşyk adamzat jenaýatydyr. 28-nji fewraly başymdan geçirdim, 28-nji fewraly bilýärin. 28-nji fewral hadysalarynda Stambulyň şäher häkimi wezipesinde işleýärdim. Okan goşgularymyň biri sebäpli adalatsyz ýagdaýda tussag edildim we syýasy durmuşym ýok edilmek islendi. Häzirki wagtda bolsa halkyň beren sesi bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti wezipesini ýerine ýetirýärin. Ähli päsgelçiliklere garamazdan şan-şöhrat we uly mertebe bilen eziz milletime hyzmat edýärin" diýip belledi.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan Gollandiýada Saparda Bolar
Ministr Fidan, saparynyň çäginde gollandiýaly kärdeşi Clot Hanke Brýuinz bilen duşuşar.
Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Iki hepde-de ekstremist terror guramasy PKK-a agza 75 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.