Fatih Dönmez Akkuýu atom energiýa bekedi bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Energetika ministri Fatih Dönmez, Akkuýu atom energiýa bekedinde 3-nji reaktoryň düýbüniň 10-njy martda tutuljakdygyny habar berdi

1592062
Fatih Dönmez Akkuýu atom energiýa bekedi bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Energetika ministri Fatih Dönmez, hususy telewideniýe kanallaryň birine beren beýanatynda: "Akkuýuda 3-nji reaktoryň düýbi 10-njy martda Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň we Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň göni wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşmagynda tutular" diýip mälim etdi.

Fatih Dönmez: "Atom energiýa bekedi işläp başlan mahaly 4-5 müň adam iş bilen üpjün ediler" diýip aýan etdi.

Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda 2010-njy ýylyň 12-nji maýynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda Akkuýu meýdanynda jemi 4 müň 800 megawatt güýje eýe boljak 4 aýry reaktor gurular. 



Degişli Habarlar