"Türkiýäniň Stipendiýalary" programmasyna uly gyzyklanma bildirilýär

Dünýäniň 178 ýurdyndan 165 müň 511 halkara talyp, şu ýyl Türkiýede bakalawr, magistratura we aspirantura derejelerinde okamak üçin ýüz tutdy

1591224
"Türkiýäniň Stipendiýalary" programmasyna uly gyzyklanma bildirilýär

Daşary ýurtdaky türkler we garyndaş halklar edarasy (ÝTB) dünýäniň çar tarapyndan gelen talyplara Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynda okamaga mümkinçilik hödürleýän "Türkiýäniň Stipendiýalary" programmasynyň 2021-nji ýyldaky ýüz tutmalaryna, halkara derejede uly gyzyklanma bildirildi. 

Daşary ýurtdaky türkler we garyndaş halklar edarasy tarapyndan berilen ýazmaça beýanata görä, 10-njy ýanwarda başlan "Türkiýäniň Stipendiýalary" programmasyna ýüz tutmak tapgyry, 20-nji fewralda tamam boldy. 

Dünýäniň 178 ýurdundan 165 müň 511 halkara talyp, şu ýyl Türkiýede bakalawr, magistratura we aspirantura derejelerinde okamak üçin ýüz tutdy. 

Akademikleriň we Daşary ýurtdaky türkler we garyndaş halklar edarasynyň hünärmenleri tarapyndan kesgitlenjek dalaşgärler, Türkiýäniň uniwersitetlerinde talyp hak bilen bilim almaga hukuk gazanarlar. 

"Türkiýäniň Stipendiýalary" programmasynyň 2021-nji ýyldaky ýüz tutmalarynyň tamamlanmagy bilen bagly sosial media hasabyndan beýanat beren Daşary ýurtdaky türkler we garyndaş halklar edarasynyň başlygy Abdullah Eren: "Dünýäniň iň uly stipendiýa programmasy bolan we halkara talyplara Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynda okamaga mümkinçilik hödürleýän Türkiýäniň Stipendiýalary programmasyna ýüz tutma tapgyry tamam boldy" diýip habar berdi. 

Abdullah Eren, stipendiýa programmasyna dünýäden uly gyzyklanma bildirilendigini we rekord derejede ýüz tutma kabul edendiklerini belläp: "Şu ýyl dünýäniň 178 ýurdundan 165 müňden gowrak ýüz tutma kabul eden Türkiýäniň Stipendiýalary programmasyna gyzyklanma bildiren her kime minnetdarlyk bildirýärin" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar