Daşary Işler Ministri Çawuşogly Horwatiýanyň Prezidenti Zoran Milanowiç Tarapyndan Kabul Edildi

“Ýer titremesi sebäpli ýene-de bir gezek gynanç bildirdik. Sebitara aktual meseleler hakynda pikir alyşdyk”

1591658
Daşary Işler Ministri Çawuşogly  Horwatiýanyň Prezidenti Zoran Milanowiç Tarapyndan Kabul Edildi

Resmi sapar bilen Horwatiýa giden Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly düýn Horwatiýanyň Prezidenti Zoran Milanowiç tarapyndan kabul edildi.

Ministr Çawuşogly Twitterden beren habarnamasynda, saparynyň çäginde Prezident Milanowiç, Premýer ministr Andrež Plenkowiç we Horwatiýanyň Mejlisiniň başlygy Gordan Žandrokowiç bilen duşuşandygyny mälim etdi.

Prezident Milanowiçe Prezident R. T. Erdoganyň salamyny we ýagşy niýetlerini ýetirendigini aýdan Çawuşogly, “Ýer titremesi sebäpli ýene-de bir gezek gynanç bildirdik. Sebitara aktual meseleler hakynda pikir alyşdyk” diýdi.

Premýer ministr Andrež Plenkowiçe hem Prezident Erdoganyň ýagşy niýetlerini ýetirendigini aýdan Çawuşogly, “Türk firmalaryna berýän goldawlary üçin sagbolsun aýtdyk. Biz ýer titremesinda ýykylan ýerleriň ýaňadandan dikeldilmegi işlerine goldaw bermäge taýar”diýip belledi.

Horwatiýanyň Mejlisiniň başlygy Gordan Žandrokowiç bilen hem duşuşandygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly, “Gordan Žandrokowiç epidemiýadan soň TBMM-niň başlygyny Horwatiýa çagyrar. Parlamentar diplomatiýanyň güýjüne ynanýarys. Mejlislerara gatnaşyklary artdyrarys” diýdi.



Degişli Habarlar