Türkiýe Gollandiýa reaksiýa bildirdi

Türkiýe Gollandiýanyň Wekiller mejlisiniň Gollandiýanyň hökümetini 1915-nji ýyldaky wakalary gyrgynçylyk hökmünde ykrar etmäge çagyryş berýän kararyna reaksiýa bildirdi

1591023
Türkiýe Gollandiýa reaksiýa bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Metbugat geňeşçisi Hami Aksoý, Gollandiýanyň Wekiller mejlisini düýn kabul edilen karar bilen bagly soraga ýazmaça jogap berdi. 

"Şu gün (25-nji fewral) Gollandiýanyň Wekiller mejlisinde kabul edilen we hökümeti 1915-nji ýyldaky wakalary gyrgynçylyk hökmünde ykrar etmek barada çagyryş berýän karar, taryhy syýasy sebäpler bilen ýaňadandan ýazmak häsýetindäki boş bir synanyşykdyr" diýip bellän Hami Aksoý: "Mejlisler taryhy ýazýan we kazyýet işine garaýan bir ýer däldir. Bu karary kabul edenler 1915-nji ýyldaky hakykatlaryň nämedigine göz ýetirmegiň ýerine, populist ses almagyň aladasynda" diýip nygtady. 

"Ady agzalan karara gol çekenleri BMG-nyň 1948-nji ýyldaky Gyrgynçylyklaryň öňüniň alynmagy we jezalandyrylmagy ylalaşygy bilen Ýewropanyň Adam hukuklary kazyýetiniň kararlaryny gözden geçirmäge çagyryş berýäris" diýip aýdan Hami Aksoý: "Taryhy bir meseläniň has gowy göz ýetirilmegi bilen bagly tagallalary goldamaga çagyrýarys. Ermenistan tarapyndan jogap berilmedik Umumy Taryhy komissiýa toparynyň döredilmegi bilen bagly teklip şol tagallalaryň başynda gelýär" diýip belledi. 

Hami Aksoý: "Gollandiýanyň Wekiller mejlisiniň bolsa soňky wagtlarda ýygy-ýygydan edişi ýaly hakykata bap gelmeýän, Türkiýä garşy kararlar kabul etmegiň ýerine, barha artýan we Gollandiýada ýaşaýan türk jemgyýetiniň hem sezewar galan rasist, Yslam we daşary ýurt duşmançylygy bilen soňky gezek bolsa hökümediň wezipesine çetleşdirilmegine çenli baryp ýeten diskriminasiýa gollanmalaryna garşy göreşe üns bermegi dogry bolar" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar