Prezident Erdogan Hojaly gyrgynçylygy bilen bagly ýüzlenme çap etdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýäniň hakly göreşinde Azerbaýjanyň ýanynda bolmaga dowam etjekdigini mälim etdi

1591272
Prezident Erdogan Hojaly gyrgynçylygy bilen bagly ýüzlenme çap etdi

Prezident Erdogan, Hojaly gyrgynçylygynyň 29-njy ýylynda sosial media hasaby Twitterden ýüzlenme çap etdi. 

Prezident Erdogan: "29 ýyl ozal Hojalyda rehimsizlik bilen öldürilen azerbaýjanly doganlarymyzy uly hormat bilen hatyralaýarys" diýip belledi. 

Erdogan: "Näçe ýyl geçsede agyryny ýatdan çykarmarys, gam-gussasyny ýaňadandan başdan geçirjegimiz Hojaly gyrgynçylygynyň 29-njy ýylynda, zenan, çaga, garry diýip tapawut goýmadan rehimsizlik bilen öldürilen 613 azerbaýjanly doganymyzy uly hormat bilen ýatlap geçýäris, dostlukly we doganlyk Azerbaýjanyň halkyna gynanç bildirýärin. Bir millet, iki döwletdiris. Türkiýe hökmünde hakly göreşinde Azerbaýjanyň ýanynda bolmagda dowam ederis" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar