Prezident Erdogan: "Biz agdarlyşygyň islendik görnüşine garşydyrys" diýdi

Prezident Erdogan Ermenistandaky harby agdarlyşyk bilen baglanşykly: "Biz agdarlyşygyň islendik görnüşine garşydyrys" diýip belledi

1591424
Prezident Erdogan: "Biz agdarlyşygyň islendik görnüşine garşydyrys" diýdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Ermenistandaky harby agdarlyşyk bilen baglanşykly: "Biz agdarlyşygyň islendik görnüşine garşydyrys. Agdarlyşyklary kabul etmegimiz mümkin däldir" diýip habar berdi. 

Prezident Erdogan, Stambulda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi. 

Ermenistanda başdan geçirilýänler bilen baglanşykly beýanat beren Erdogan: "Harbylaryň işe girişmegi bilen agdarlyşyk edilmegi kabul edilip bilinjek zat däldir" diýip belledi. 

Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýanyň şonsyz hem halk tarapyndan çetleşdiriljek ýagdaýa gelendigini aýdan Prezident Erdogan: "Emma hadysa agdarlyşyk bolan ýagdaýynda, agdarlyşyga garşy pozisiýamyz bu nokatda tapawutlydyr" diýip belledi. 

Prezident Erdogan: "Eger hökümet üýtgediljek bolsa, onda şol hökümet Ermenistanyň halky tarapyndan üýtgediler. Muny bolsa Ermenistanyň halkynyň ygtyýaryna bermelidiris" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar