Türkiýe, Nigeriýada Guralan Hüjümi Ýazgardy

"Hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna,  dost we doganlyk ýurt nigeriýanyň halkyna we hökümetine duýgudaşlyk bildirýäris"

1590226
Türkiýe, Nigeriýada Guralan Hüjümi Ýazgardy

Türkiýe, Günbatar Afrikada ýerleşýän Nigeriýanyň Borno welaýatynda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, ýurduň Borno welaýatynda terror guramasy Boko Haram tarapyndan guralan terrorçylykly hüjümde 10 adamyň ýogalmagyna, köp sanly adamyň hem ýaralanmagyna uly gynanç bildirildi.

Beýannamada “Bu hyýanatçylykly terrorçylykly hüjümi berk ýazgarýarys. Hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna,  dost we doganlyk ýurt nigeriýanyň halkyna we hökümetine duýgudaşlyk bildirýäris, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris” diýildi.

Nigeriýanyň Borno welaýatynda terror guramasy Boko Haram tarapyndan guralan terrorçylykly hüjümde 10 adam ýogalypdy, 60 adam hem ýaralanypdy.



Degişli Habarlar