Türkiýe Ermenistandaky Wakalary Berk Ýazgardy

Türkiýe dünýäniň niresinde bolandygyna garamazdan hökümet agdarlyşygyna we agdarlyşyk synanşygyna garşydygyny, Ermenistandaky wakalary berk ýazgarýandygyny beýan etdi

1590741
Türkiýe Ermenistandaky Wakalary Berk Ýazgardy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Wengriýanyň paýtagty Budapeşdäki resmi saparyny dowam etdirýär.

Ministr Çawuşogly Wengriýanyň Daşary işler we daşary söwda ministri Peter Szižžarto bilen duşuşdy.

Çawuşogly duşuşykdan soň wenger kärdeşi bilen bilelikde beýannama berdi.

Türkiýäniň we Ýewropanyň gün tertibindäki ençeme mesele boýunça pikir alyşandyklaryny beýan eden Çawuşogly özara gatnaşyklary ösdürjekdiklerini aýtdy.

Çawuşogly Ermenistanda başdan geçirilen wakalar hakynda bolsa: “Biz dünýäniň niresindedigine garamazdan hökümet agdarlyşygyna we agdarlyşyk synanşygyna garşy. Ermenistanda ýüze çykan ýagdaýy berk ýazgarýarys. Saýlaw bilen häkimiýet başyna gelen hökümeti iş başyndan çekilmäge çagyrmak kabul edilmesiz. Sebit ýurtlary bilen hem pikir alyşýarys. Agdarlyşyk synanşyklary ýurduň durnuklylygyna bozýan başlangyçlar. Türkiýäniň pozisiýasy gyşarnyksyz pozisiýa, biz agdarlyşyga garşy” diýdi.

Ermenistanyň Baş ştabynyň Başlygy Onik Gasparýan we ýokary derejeli serkerdeler Premýer-ministr Nikol Paşinýany wezipeden çekilmäge çagyrýan beýannama çap edipdi. Paşinýan bolsa ýurtda agdarlyşyk synanşygynyň bardygyny beýan edip, Baş ştabyň Başlygy Gasparýany wezipeden boşadandygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar