Sanjym Tapgyrynda Jemi 8 Million Adama Sanjym Edildi

Koronawirusa garşy göreş dowam edýär

1590883
Sanjym Tapgyrynda Jemi 8 Million Adama Sanjym Edildi

Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi dowam edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 72 boldy.

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 28 müň 285 adama ýetdi.

24 sagadyň dowamynda 124 müň 15 adam testden geçirilip, ýene-de 660 adama koronawirusyň ýokaşandygy  anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 9 müň 561 adama ýetdi

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 5 müň 297 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 2 million 540 müň 293 adama ýetdi.

Beýleki tarapdan,  Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreş maskady bilen döredilen Ylmy geňeşiň maslahatyndan soň metbugata beýannama berdi.

Ministr Koja “Sanjym tapgyrynda häzire çenli 1,5 milliony ikinji dozasy bolmak bilen jemi 8 million adama sanjym edildi. Sanjym meýilnamasyna laýyklykda birinji topardakylaryň sanjymlaýyş işleri gutaryp barýar” diýdi.



Degişli Habarlar