Mustafa Şentop Hojaly gyrgynçylygynyň 29 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen sergä gatnaşdy

Mustafa Şentop, Hojaly gyrgynçylygyny kanunylaşdyrmaga synanyşýan ganhorlar jogabyny berýänçä çenli göreşlerini dowam etdirjekdiklerini habar berdi

1590819
Mustafa Şentop Hojaly gyrgynçylygynyň 29 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen sergä gatnaşdy
sentop hocali katliami sergi1.jpg
sentop hocali katliami sergi.jpg

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Mustafa Şentop, TBMM-nyň hemaýatkärlik etmeginde Azerbaýjanyň ilçihanasynyň geçirýän "Hojaly gyrgynçylygynyň 29-njy ýyly surat sergisiniň" açylyş dabarasyna gatnaşyp, ol ýerde çykyş etdi. 

1992-nji ýylyň 26-njy fewralynda adamzat taryhynyň şaýat bolan iň elhenç gyrgynçylyklarynyň biriniň başdan geçirilendigini aýdan Mustafa Şentop, Azerbaýjanyň halkynyň sezewar galan bu elhenç hadysany hemişe aklynda tutuşlary ýaly, hiç kimiň ýatdan çykarmagynada rugsat bermejekdiklerini beýan etdi. 

Mustafa Şentop: "Bu wagşyçylygy kanunylaşdyrmaga synanyşýan eli ganly ganhorlar, hukugyň we taryhyň öňünde hasap berýänçälere çenli göreşimizi dowam etdireris" diýip belledi. 

Mustafa Şentop, Türkiýäniň şu günki güne çenli bolşy ýaly, mundan soň hem Azerbaýjanyň hakly dawasynda diňe doganlyk duýugsy bilen däl, eýsem adamzat jogapkärçiligi hökmündede Azerbaýjanly doganlarymyzyň ýanynda bolmaga dowam etjekdigini mälim etdi. 



Degişli Habarlar