"Mawy Watan 2021" atly harby türgenleşik başlady

"Mawy Watan 2021" atly harby türgenleşik 7-nji martda öz işini tamamlar

1590748
"Mawy Watan 2021" atly harby türgenleşik başlady

Harby türgenleşik ýurdyň Harby-deňiz güýçleriniň koordinasiýasynda geçirilýär.

Harby türgenleşige Harby-howa we Guryýer güýçleri hem gatnaşýar. 

Türgenleşigiň geçirilýän ýeri örän uly. Egeý we Ortaýer deňizinde geçirilýän Mawy Watan türgenleşigine 169 gämi, köp sanda uçar we dikuçar gatnaşýar. 

Harby-türgenleşikde uçarmansyz howa ulaglary hem gatnaşýar. Deňiziň üstünde hereket edýän nyşanalar, suwyň üstündäki we howa goranyş ulgamlary tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilýär. 

Türgenleşikde Harby-deňiz güýçlerine degişli ştablaryň, birikmeleriň we gämileriň howply ýagdaýlara garşy taýarlygy gözden geçiriler. 

Harby güýçleriň bilelikde işläp bilmek we öz aralarynda aragatnaşyk saklap bilmek ukyplary synagdan geçiriler.

Türgenleşigiň dowamynda söweşe garşy taýarlyk derejesi ýokarladylmaga synanyşylar.

Operasiýa taktikalary hem ösdürilmäge çalşylar. 

"Mawy Watan 2021" atly harby türgenleşik 7-nji martda öz işini tamamlar. 



Degişli Habarlar