"Türkiýäniň terrora garşy operasiýalary hem kanuny hakydyr hem-de ynsanperwer borjudyr"

Prezident Erdogan: "Türkiýäniň terrora garşy operasiýalary hem kanuny hakydyr hem-de ynsanperwer borjudyr" diýip belledi

1589922
"Türkiýäniň terrora garşy operasiýalary hem kanuny hakydyr hem-de ynsanperwer borjudyr"

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýäniň serhetleriniň çäginde we serhetaşa geçirýän terrora garşy operasiýalarynyň, hem kanuny hakydygyny hem-de ynsanperwer borjudygyny beýan etdi. 

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan, partiýasynyň TBMM-däki topariçi maslahatynda çykyş etdi. 

Türkiýäniň terrorra garşy göreşindäki tutanýerliliginiň käbir ýurtlary biynjalyk edýändigini aýdan Prezident Erdogan: "Ýene-de bir gezek aýdýaryn. Türkiýäniň terrora garşy operasiýalary hem kanuny hakydyr hem-de ynsanperwer borjudyr. Gerek bolan halatynda gözbaşyna çenli gidip olary saplamak biziň borjumyzdyr" diýip belledi. 

Prezident erdogan: "Näme etseler etsinler, milletimiziň birligini we jebisligini bozup bilmezler. Özygtyýarlylygymyza we gelejegimize bolan söýgümizi söndürip bilmezler. Janymyzdan eý görýän watanymyzy bölüp bilmezler. Ýurdumyzy dyza çökdürip bilmezler" diýip habar berdi. 

Dünýäde ähli deňagramlylyklary üýtgeden koronawirus epidemiýasyna hem ýakyndan gözegçilik edýändiklerini aýdan Rejep Taýýip Erdogan: "Ýurdumyzda hem täsirli bolan wirus 2 milliondan gowrak raýatymyzyň Kowid-19-a ýolukmagyna sebäp boldy. Gören çärelerimiz bilen ony iň az derejedäki zyýan bilen hötdesinden gelip, 2020-nji ýyly ösüş bilen ýapan dünýäniň birnäçe ýurdunyň biri boldyk" diýip aýan etdi. 

Prezident Erdogan: "Häzirki wagtda Ganbatar Türkiýäniň saglygy goraýyş ulgamyny nusga alýar" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar