Mugallymlar Üçin Sanjym Tapgyry Başlady

Milli Bilim ministri Ziýa Selçuk, koronawirus sanjymynyň birinji dozasyny etdirdi

1589675
Mugallymlar Üçin Sanjym Tapgyry Başlady

 

Milli Bilim ministri Ziýa Selçuk, Çorumda başlangyç klas mekdebinde koronawirus sanjymynyň birinji dozasyny etdirdi

Ministr Selçuk, 1-nji marta başlajak okuwlaryň öňüsyrasynda mugallymlar üçin sanjym tapgyrynyň fewral aýynyň soňky hepdesinde başlajakdygyny habar beripdi.

Mugallymlar üçin sanjym tapgyry şu gün Çorumda Arifegazili başlangyç klas mekdebinde başlady.

Ministr Ziýa Selçuk hem mugallymlar bilen birlikde birinji sanjymyny etdirdi.

Milli Bilim ministri Ziýa Selçuk, mugallymlaryň saglygy goraýyş merkezlerinde sanjymlaryny etdirip biljekdiklerini aýtdy.



Degişli Habarlar