Ibrahim Kalyn ÝB Komissiýasynyň metbugat sekretary Peter Stano reaksiýa bildirdi

Ibrahim Kalyn Ýewropa Bileleşigi (ÝB) Komissiýasynyň Metbugat geňeşçisi Peter Stanonyň beýanatyna reaksiýa bildirdi

1589507
Ibrahim Kalyn ÝB Komissiýasynyň metbugat sekretary Peter Stano reaksiýa bildirdi

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn Ýewropa Bileleşigi (ÝB) Komissiýasynyň Metbugat geňeşçisi Peter Stanonyň Türkiýäniň adam hukuklaryna, hukugyň üstünligine we azatlyklaryna hormat goýulmalydygy baradaky beýanatyna reaksiýa bildirdi.

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn Twitter hasabyndan Peter Stano iňlis dilinde: "Bir gezek hem bolsa, belki Garada 13 adamy rehimsizlik bilen öldüren, ÝB tarapyndan terror guramasy hökmünde yglan edilen PKK bilen bagly aladalaryňyzy bildirip bilersiňiz. Ýogsam bu PKK lobisi bilen size zyýan ýetirer diýip aladalanýaňyzmy?" diýip belledi.

Stano, Halklaryň Demokratip partiýasynyň deputatlaryna garşy artan basyşlara alada bildirýändiklerini we Türkiýäniň adam hukuklaryna, hukugyň üstünligine we azatlyklaryna hormat goýulmalydygy barada beýanat beripdi. 



Degişli Habarlar