"Haýynlardan, döken her damja ganlarynyň hasabyny artykmajy bilen soraýarys"
Erdogan: "Milletimiziň agzybirligine, jebisligine kast eden haýynlardan, döken her damja ganlarynyň hasabyny artykmajy bilen soraýarys" diýdi
Prezident Erdogan, Adalat we ösüş partiýasynyň Agry, Ardahan, Bolu, Diýarbakyr, Hataý welaýatlarynyň 7-nji nobatdaky kongreslerine göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy.
Ol ýerdäki çykyşynda geçirýän operasiýalarynyň we görýän öňüni alyş çäreleirniň çäginde guramanyň düzümine goşulýanlaryň sanynyň azalýandygyny, terror guramasynyň hereket ukybynyň örän peselendigini aýdan Prezident Erdogan: "Milletimiziň agzybirligine, jebisligine kast eden haýynlardan, döken her damja ganlarynyň hasabyny artykmajy bilen soraýarys" diýip belledi.
"Söweş meýdanyndaky barlygymyzy berk saklasak ekstremist terror guramasy we onuň şahalary milletimize garşy basyş edip bilmez" diýip bellän Erdogan: "Diýarbakyrdaky eneler ýaly öz çagalaryna, gelejegine eýe çykan mert adamlaryň sany artdygy saýyn terror meselesini ýurdyň güntertibinden çykararys" diýip habar berdi.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan Efiopiýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Hakan Fidan Ankarada Efiopiýanyň Daşary işler ministri Taýe Atske Selassie bilen duşuşdy