Sanjymlamada Iň Üstünlikli Ýurt Türkiýe

Prezident Erdogan dünýäde koronawirusa garşy iň üstünlikli sanjymlama alyp barýan ýurduň Türkiýedigini aýtdy

1589206
Sanjymlamada Iň Üstünlikli Ýurt Türkiýe

Prezident R. T. Erdogan Beştepe Millet maslahatlar we medeniýet merkezinde Ankaranyň gubernatorlygynyň Ylmy desgalarynyň köpçülikleýin açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Dabarada sözlän süzünde koronawirus pandemiýasy bilen ylymda we bilimde digitallaşmanyň görülip eşidilmedik derejede öňe saýlanandygyny beýan eden Erdogan: “Bir tarapda yza galan bolsak, beýleki tarapda digitallaşma bilen uly öňegidişlikler etdik” diýdi.

Erdogan: “Bilim pudagynda 2020-nji ýylyň 23-nji martynda onlaýn ulgama geçenimizden bäri 180 milliondan gowrak onlaýn ders geçildi. 657 müň sanysy pandemiýa döwründe jemi 2 million planşet komýuterleri okuwçylarymyza berdik” diýdi.

Prezident Erdogan koronawirusa garşy göreş hakynda bolsa: “Häzirki wagtda sanjymlamany üstünlik bilen alyp barýan ýurt Türkiýe. Düýn 7,5 million raýatymyzy sanjymladyk. Sanjymlama gyşarnyksyz dowam edýär” diýdi.

Erdogan mekdepleriň açylmagy hakynda bolsa: “Gysga möhletde mugallymlar bilen okuwçylary duşuşdyrmak üçin uly tagalla edýäris” diýdi.



Degişli Habarlar