Koronawirusa Garşy Göreş Dowam Edýär

Gündelik hasaba alynanlaryň sany 9 müň 107 adama ýetdi

1589358
Koronawirusa Garşy Göreş Dowam Edýär

 

Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi dowam edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 75 boldy.

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 28 müň 213 adama ýetdi.

24 sagadyň dowamynda 123 müň 734 adam testden geçirilip, ýene-de 633 adama koronawirusyň ýokaşandygy  anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 9 müň 107 adama ýetdi

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 5 müň 546 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 2 million 534 müň 996 adama ýetdi.



Degişli Habarlar