Prezident Erdogan Türkiýäniň terrora garşy göreşiniň üstünde durup geçdi

Erdogan Türkiýäniň terrora garşy göreşiniň üstünde durup geçip: "Nirde, haýsy hinde terrorçy bar bolsa, şol hinde biz hem bardyrys" diýip belledi

1588394
Prezident Erdogan Türkiýäniň terrora garşy göreşiniň üstünde durup geçdi

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan, partiýasynyň Halkapynar sport zalynda geçirilen Izmir welaýatynyň 7-nji nobatdaky kongresinde çykyş etdi. 

Prezident Erdogan: "Goşunlary bilen eziz watany basyp alyp bilmejekdigini görenler, täze usullar ulanmaga başladylar" diýip belläp: "Terror şol usullaryň el elhenji, iň zalymydyr. Hakkari terroryň ýaramaz täsirini egninde iň köp çeken welaýatlarymyzyň biridir. Izmirde terrorçylykly hüjümler sebäpli Gündogar we Günorta-gündogar serbitlerden göçen köp sanda raýatymyz ýaşaýar. PKK terror guramasynyň ahlaksyz we wyždansyz ýüzüni iň gowy şolar bilýär" diýip nygtady. 

Prezident Erdogan: "Biz Judide bardyrys, biz Gabarda bardyrys, biz Tendürekde bardyrys, biz Besler Deresinde bardyrys. Nirde, haýsy hinde terrorçy bar bolsa, şol hinde biz hem bardyrys. Ol ýerleri olara mazar etdik. On müňler bilen ýatlanýan terrorçylar, indi ýüz sany diýip ýatlanýar" diýip belledi.


Etiketkalar: #terror , #Izmir , #Prezident , #Erdogan

Degişli Habarlar