“Terrora Garşy Göreşde Birlikde Hereket Etmeginiň Ähmiýetine Ünsi Çekdik"

Hulusi Akar, NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahatynda Türkiýä wekilçilik etdi

1586831
“Terrora Garşy Göreşde Birlikde Hereket Etmeginiň Ähmiýetine Ünsi Çekdik"

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahaty barada beren beýannamasynda, “Terrora garşy göreşde gurama agza ýurtlaryň birlikde hereket etmeginiň ähmiýetine ünsi çekdik” diýdi.

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirlen we 2 gün dowam eden, NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahatynda Türkiýä wekilçilik eden Milli Goranmak ministri Akar “Ýurdumyza sanksiýa goýulmagy üçin atylýan hemleleriň, litsenziýa çäklendirmeleriniň we howplaryň, hyzmatdaşlyga ýaramaz täsirini ýetirýändigini hyzmatdaşlarymyzyň dykgatyna ýetirdik” diýip belledi.

Hyzmatdaşlar güýçli bolsa hyzmatdaşlygyň has güýçli boljakdygyny nygtan Akar “Terrora garşy göreşde gurama agza ýurtlaryň birlikde hereket etmeginiň ähmiýetine ünsi çekdik” diýdi.



Degişli Habarlar