Prezident Erdogan ýurdyň ilatynyň azalmagy bilen bagly beýanat berdi

Prezident Erdogan: "Türkiýäniň ilatynyň azalmagy babatynda Ýewropa bilen şol bir ykbala sezewar galmagymyza rugsat bermeris" diýip belledi

1587017
Prezident Erdogan ýurdyň ilatynyň azalmagy bilen bagly beýanat berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Adalat we ösüş partiýasynyň ýurdyň paýtagty Ankara şäherindäki baş merkezinde, partiýasynyň 7 ýurdyň şäherindäki welaýat zenan şahamçalary 6-njy nobatdaky maslahatyna göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy. 

Erdogan maşgalalaryň ähmiýetiniň we ilatyň artyş tiziliginiň üstünde durup geçen çykyşynda, Türkiýäniň ilat artyş tizliginiň 2 esse diýen ýaly peselendigini, bu görkezijiler bilen uzak bolmadyk gelejekde ilatyň azalmaga hem başlap biljekdigini beýan etdi. 

Ýewropa ýurtlarynyň şol howpa eýýäm ençeme wagt bäri sezewar galýandygyny bellän Erdogan: "Türkiýäniň ilatynyň azalmagy babatynda Ýewropa bilen şol bir ykbala sezewar galmagymyza rugsat bermeris. Bu işiň hötdesinden pul bilen gelinmez. Bu maşgalaňa eýe çykmakdan gözbaş alýar. Zenanyň bagryna basan ýa-da gujaklan mähri we erjelligi bilen bagryna basmadygy bir maşgalanyň dargap gitmegi gutulgysyzdyr. Günbatarda maşgalanyň çöküş etaby, zenanyň harytlaşdyrylyp bu mukaddes wezipeden uzaklaşdyrylmagy bilen başlady" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #zenan , #ilat , #Erdogan

Degişli Habarlar