“Halkymyzyň we Musulman Ummatynyň Ragaýyp Gijesi Mübärek Bolsun”

Ragaýyp gijesinde Türkiýäniň çar tarapynda dogalar edildi.

1586680
“Halkymyzyň we Musulman Ummatynyň Ragaýyp Gijesi Mübärek Bolsun”

Dört tirkeşiň buşlukçysy hökmünde kabul edilýän Ragaýyp gijesinde Türkiýäniň çar tarapynda dogalar edildi.

Raýatlar metjitlerde Ragaýyp gijesi mynasybetli namaz okap, doga etdi.

Täze görnüş koronawirusa garşy görlen çärelere hem uly üns berildi.

Prezident R. T. Erdogan, sosial media arkaly halky Regaýyp gijesi bilen gutlady.

Erdogan habarnamasynda “Halkymyzyň we musulman ummatynyň Ragaýyp gijesi mübärek bolsun. Beýik biribardan bu mübärek gijede bizi we adamzady ähli bela beterlerden goramagyny dileýärin”diýdi.

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Musta Şentop hem sosial media arkaly beren habarnamasynda, halkyň we musulman dünýäsiniň Ragaýyp gijesini gutlady.



Degişli Habarlar