Daşary işler ministri Çawuşoglu,  Rus Kärdeşi Lawrow Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Iki kärdeş, Erdogan bilen Putiniň geçiren telefon söhbetdeşliginde ara alnyp maslahatlaşylan ugurlar barada giňişleýin pikir alyşdy

1586506
Daşary işler ministri Çawuşoglu,  Rus Kärdeşi Lawrow Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Diplomatik töwerekler Çawuşoglu bilen Lawrowyň, Prezident R. T. Erdoganyň Russiýanyň döwlet Ýolbaşçygy Wladimir Putin bilen düýn geçiren telefon söhbetdeşliginde ara alnyp maslahatlaşylan ugurlar barada giňişleýin pikir alyşandygyny nygtaýar.

Kommunikasiýalar Edrasyndan berlen beýannamada, Prezident R. T. Erdogan bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçygy Wladimir Putiniň, Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşandygy nygtalypdy.

Beýannamada, Prezident Erdoganyň, Daglyk Garabagda ylalaşygyň goralyp saklanmagy üçin ähli ugurlarda tagalla edilmelidigine ünsi çekendigi bellenildi.

Prezident Erdogan bilen Putiniň Siriýa we Liwiýa meselesi hakynda hem pikir alyşandygy ýatladyldy.



Degişli Habarlar