Prezident Erdogan russiýaly kärdeşi Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen telfon arkaly söhbetdeş boldy

1586306
Prezident Erdogan russiýaly kärdeşi Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezidentiň Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, Türkiýe-Russiýa gatnaşyklaryny ösdürjek ädimleriň ele alynan telefon söhbetdeşliginde, sebitleýin meseleleriň hem üstünde durulyp geçildi. 

Prezident Erdogan, telefon söhbetdeşliginde Daglyk Garabagda 11-nji ýanwarda gazanylan ylalaşykdan soň gurulmaga başlanan gara we demir ýollar liniýalarynyň has netijeli bolmagy üçin türk we rus hünärmenleriň Azerbaýjanly kärdeşleri bilen gepleşikler geçirip biljekdigini mälim etdi. 

Agdam welaýatyndaky Umumy merkeziň ylalaşygyň düzgünlerini berjaý we gözegçilik edilmegi wezipesini üstünlikli ýagdaýda alyp barýandygyny aýdan Prezident Erdogan, ylalaşygyň goralmagy üçin ähli meseleler boýunça umumy ýagdaýda tagalla edilmelidigini belläp geçdi. 

Siriýa meselesiniň iň gysga wagtda çözüwe gowuşmagynyň umumy bähbitdigini aýdan Erdogan, Liwiýada parahatçylyk we durnuklylyk üçin dörän mümkinçiligiň ýersiz ýere sarp edilmeli däldigine ünsleri çekdi. 



Degişli Habarlar