Erdogan Milli türgen stipendiýasynyň tanyşdyrylyş maslahatyna gatnaşdy

Prezident Erdogan Türkiýäniň beýleki ugurlar bilen birlikde sport infrastrukturasynda hem uly sepgitlere ýetendigini habar berdi

1586344
Erdogan Milli türgen stipendiýasynyň tanyşdyrylyş maslahatyna gatnaşdy

Ýurdyň paýtagty Ankara şäherinde "Milli türgen stipendiýasynyň" tanyşdyrylyş maslahatynda çykyş eden Erdogan, ylmy işlerde uly sepgitlere ýeten guramadyr-edaralaryň sport ugrunda hem uly netijelere eýe bolmagynyň çürt-kesik tötänlik däldigini belläp: "Bu sport bilen bilimi biri-birini goldaýan düzümler hökmünde görmegiň netijesidir. Sebäbi, bu düşünje ýurdumyzda barha berkeýär. Ýurt derejesinde başdan geçirilýän bu düşünje üýtgeýişinde hökümedimiziň sport bilimine goýan maýa goýumlarynyň uly goşandy bar. Türkiýe biziň döwrümizde beýleki ugurlar bilen birlikde sport infrastrukturasynda uly sepgitlere ýetdi" diýip mälim etdi. 

Türgenlere berilýän goldawlaryň netijesini spordyň ähli ugurlary boýunça barha artýan medallaryň sany bilen görmäge başlandyklaryny aýdan Prezident Erdogan, Milli türgen stipendiýasy bilen käbir şertleri ýerine ýetiren ýaş türgenlerimiziň, gazann bölümlerinde 100 göterim stipendiýaly okap biljekdiklerini habar berdi. 

Bütin dünýäni täsiri astyna alan koronawirus epidemiýasyna garamazdan türk türgenleriň gatnaşýan sport çärelerinde uly üstünliklere eýe bolýandyklaryny aýdan Erdogan: "Baýdagymyzy pasyrdadýan her bir türgenimize minnetdarlyk bildirýärin. Türkiýäni ýagty gelejege sportda, sungatda, bilimde, medeniýetde üstünlikler bilen taplanan ýaşlarymyz alyp gider" diýip aýan etdi. 


Etiketkalar: #stipendiýa , #sport , #Erdogan

Degişli Habarlar