"Ýurtda terror meselesi düýbünden çözülýänçä çenli göreşimiz tutanýerlilik bilen dowam eder"

Prezident Erdogan ýurtda terror meselesi düýbünden çözülýänçä çenli göreşiň tutanýerlilik bilen dowam etdiriljekdigini habar berdi

1585458
"Ýurtda terror meselesi düýbünden çözülýänçä çenli göreşimiz tutanýerlilik bilen dowam eder"

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan, paýtagt Ankara şäherinde 7-nji nobatdaky Welaýat kongresinde eden çykyşynda terrora garşy göreşiň üstünde durup geçdi. 

Serhediň çäklerindäki we serhediň daşyndaky iň soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli operasiýalaryň dowam etjekdigini aýdan Erdogan: "Terroryň başy mynjyradylýança we ýurtda terror meselesi düýbünden çözülýänçä çenli göreşimiz tutanýerlilik bilen dowam eder. Bu jennet watanymyz janymyzy gaýgyrman FETÖ agza dönüklerede, PKK-a agza ganhorlarada, DAIŞ-e agza jenaýatkärlerede bermedik, mundan soň hem bermeris" diýip belledi. 

Prezident Erdogan koronawirus epidemiýasy bilen baglanşykly bolsa, döwlet hökmünde pandemiýanyň ilkinji gününden başlap ýurdyň hem öz içinde hem-de daşary ýurtda ýaşaýan raýatlara eýe çykandyklaryny habar berdi. 

Türkiýede 5 million 200 müň adama sanjymyň edilendigini we sanjym işleriniň giňişleýin ýagdaýda dowam edýändigini aýdan Erdogan: "Her pudak bilen bagly durmuşa geçiren ýörite programmalarymyz bilen ykdysadyýetimizi dik aýakda tutdyk" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar