“Terror Guramasy PKK/KJK-nyň Hataryna Goşulýanlaryň Sany Tas Ýok Diýen Ýaly Az”

Boýun egen terrorçy, ýurduň içinde guramanyň hataryna goşulýanlaryň sanynyň tas ýok diýen ýaly azdygyny nygtady.

1585297
“Terror Guramasy PKK/KJK-nyň Hataryna Goşulýanlaryň Sany Tas Ýok Diýen Ýaly Az”

 

Ekstremist terror guramasy PKK/KJK-nyň hataryndan gaçyp howpsyzlyk güýçlerine boýun egen terrorçy, ýurduň içinde guramanyň hataryna goşulýanlaryň sanynyň tas ýok diýen ýaly azdygyny nygtady.

İçeri işler ministriliginiň öňbaşçylyk etmeginde geçirilýän gepleşikler netijesinde PKK-nyň hataryndan gaçyp howpsyzlyk güýçlerine boýun egýän terrorçylaryň sany gün saýyn azalýar.

Şyrnak welaýatynyň Silopi etrabynyň golaýyndaky Habur gümrük geçelgesinde howpsyzlyk güýçlerine boýun egen terrorçy, 6 ýyl ozal Halklaryň demokratik partiýasynyň Diýarbakyr welaýatyndaky bölüminiň binasyndan terror guramasy PKK-nyň hataryna ugradylandygyny aýtdy.

Düşündirişinde terror guramasynyň hataryna goşulýanlaryň sanynyň azalýandygyny nygtan terrorçy “Soňky ýyllarda guramanyň hataryna goşulýanlaryň sany gün saýyn azalýar. 2020-njy ýylda ýurduň içinden PKK-nyň hataryna goşulanlaryň sany tas ýok diýen ýaly azdy” diýip belledi.

Boýun egen terrorçy, PKK-nyň ýolbaşçylaryndan Murat Karaýylanyň 2019-njy ýylda guramanyň hataryndan gaçmaga çalşanlaryň “öldürilmegi” üçin görkezme berendigine ünsi çekdi.



Degişli Habarlar