Ministr Mustafa Warank Azerbaýjanly Kärdeşi Nabiýew Bilen Duşuşyk Geçirdi

Türkiýäniň Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank, Azerbaýjanyň Transport, Aragatnaşyk we ýokary tehnologiýalar ministri Raşad Nabiýew bilen duşuşyk geçirdi

1585525
Ministr Mustafa Warank Azerbaýjanly Kärdeşi Nabiýew Bilen Duşuşyk Geçirdi

Senagat we tehnologiýa ministrliginde geçirilen duşuşykda, Warank we Nabiýew, älem giňişligi tehnologiýalary bilen relsli ulgamlaryň tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Iki ministr Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda logistika pudagyndaky çykdajylaryň azaldylmagy maksady bilen relsli aragatnaşyk ulgamlaryna ähmiýet berilmek bilen birlikde, bilelikde gämi öndürmek meselelesini hem ara alyp maslahatlaşdylar. 

Duşuşykda mundan başgada TEKNOFEST çäresiniň Baku şäherinde geçirilip-geçirilmejekdigi bilen bagly mesele boýunça hem pikir alyşyldy, Azerbaýjanda bilelikdäki tehnoparklaryň açylmagy we Deneýap ýaly gollanmalaryň durmuşa geçirilmegi ýaly ugurlar hem maslahatlaşyldy.  



Degişli Habarlar