Bikanun ýollar bilen Türkiýä girmäge synanyşan 6 adam saklandy

Siriýadan Türkiýä bikanun ýollar bilen girmäge synanyşan daşary ýurtly 6 adam saklandy

1585159
Bikanun ýollar bilen Türkiýä girmäge synanyşan 6 adam saklandy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Hataý welaýatynyň Antakýa etrabynyň Narlyja etrapçasynyň çäginde gullyk borçlaryny alyp barýan Döwlet serhet gullugyna degişli esgerlerimiz, Siriýadan bikanyn ýollar bilen ýurdumyza girmäge synanyşan 5-i Russiýanyň 1-i Liwiýanyň raýaty bolan jemi 6 adamy tussag etdi" diýip habar berildi. 

Beýanatda: "Saklananlaryň arasyndaky Russiýanyň raýaty bolan bir zenanyň terror guramasy DAIŞ-e agza bolmakdan gözlenýändigi anyklandy" diýip aýan edildi. 



Degişli Habarlar