Türkiýe Erbildäki raketaly hüjümi ýazgardy

Türkiýe Yragyň Erbil şäherinde guralan raketaly hüjümi ýazgardy we duýgudaşlyk ýüzlenmesini berdi

1584570
Türkiýe Erbildäki raketaly hüjümi ýazgardy

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda: "Erbil şäherinde guralan we asuda ilatyň ýaşaýan ýerleriniň nyşana alynan raketaly hüjümi berk ýagdaýda ýazgarýarys. Erbiliň halkyna, Yragyň Kürt Awtonomiýasyna we düzüminde biziň hem güýçlerimiz bolan terror guramasy DAIŞ-e garşy Halkara Koalisiýanyň agzalaryna gynanç bildirýäris" diýip habar berildi. 

Beýanatda, Türkiýäniň Yragyň resmileriniň hüjümleriň arkasynda duranlary iň tiz wagtda anyklap, adaladyň öňünde jogap bermeklerini üpjün etjekdigine ynanýandygy bellenip: "Bu hüjümler Yragyň parahatçylygy, durnuklylygy we özygtyýarlylygy üçin, topraklarynda hiç bir terror guramasynyň bar bolmak mümkinçiligini ykrar etmezligini we milli guramalaryň köptaraplaýyn ýagdaýda güýçlendirilmeginiň gerekdigini ýene-de bir gezek subut etdi" diýip mälim edildi. 

Yragyň Erbil şäherinde içinde ABŞ-a degişli baza hem bolan howa menziline garşy guralan hüjümde 1 adam ýogalypdy, 6 adam ýaralanypdy. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Erbil , #Yrak

Degişli Habarlar