Prezident Erdogan Trabzon welaýat kongresinde çykyş etdi

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan, patiýasynyň Trabzon 7-nji nobatdaky welaýat kongresinde çykyş etdi

1584737
Prezident Erdogan Trabzon welaýat kongresinde çykyş etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Yragyň demirgazygyndaky Gara sebitinde 13 türk raýatynyň ekstremist terror guramasy PKK tarapyndan şehit edilmegi bilen bagly: "Bigünä 13 raýatymyzyň öldürilmegi hadysasynda, birnäçe aryk sesden daşary hiç kimi görmedik. Eý Günbatar siz nirde?" diýip sorady. 

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan, patiýasynyň Trabzon 7-nji nobatdaky welaýat kongresinde çykyş etdi. 

Prezident Erdogan: "Möhüm sepgitlere ýetilen operasiýalarymyzyň göwrümini öňümizdäki döwürde howplaryň häzirki wagtda hem dowam edýän sebitlere tarap giňelderis" diýip belledi. 

"Başdan geçirilen soňky hadysa Türkiýäniň PKK-a garşy göreş üçin Yragyň demirgazygynda we Siriýada alyp barýan operasiýalarynyň serhetlerimiziň howpsuzlygy, gelejegimiz taýdan nähili derejede möhümdigini subut etdi" diýip aýdan Prezident Erdogan: "Diýipdik size, haýsy hine girseler girsinler, giren hinlerinde olary taparys we ol ýerde ýok ederis" diýip habar berdi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Öz howpsuzlygy we asudalygy üçin dünýäni ýakmakdan hem çekinmeýän yzygidersizlikleri şular ýaly ýagdaýlarda özüni hasam belli edýär. Başga bir ýurdyň başyna gelen mahaly bütin dünýäni aýaga galdyrjak bigünä 13 raýatymyzyň öldürilmegi hadysasynda, birnäçe aryk sesden daşary hiç kimi görmedik. Eý Günbatar siz nirde? Näme üçin dymýarsyňyz? Sizde şular ýaly hadysa bolan mahaly gykylyklaryňyzdan ýaňa oturyp bolmaýar. 15-nji iýul hadysasy başdan geçirildi sesiňiz çykmady, indi bu hadysada sesiňiz çykmaýar. Sesiňiz çyksada, çykmasada biz öz wezipämizi bilýäris. Biz bu terrorçylara bu ýurtda pursat bermeris" diýip nygtady. 

Prezident Erdogan, Garanyň kynçylykly bir sebitdigini belläp: "Allanyň ýardamy bilen Gara syndy, iş gutardy. Ençeme wagt möhüm sepgitlere ýetilen operasiýalarymyzyň göwrümini öňümizdäki döwürde howplaryň dowam edýän sebitlere tarap giňelderis. Bular ýaly hüjümlere sezewar bolmazlyk üçin howpsyz ýagdaýa getirilen sebitlerde näçe wagt gerek bolsa, şonça wagt hem galarys" diýip mälim etdi. 


Etiketkalar: #operasiýa , #Yrak , #Gara , #Erdogan

Degişli Habarlar