Mewlüt Çawuşoglu, ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Blinken Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken, Garada şehit edilen 13 türk raýaty üçin duýgudaşlyk bildirdi

1584199
Mewlüt Çawuşoglu, ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Blinken Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entony Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken, Mewlüt Çawuşogluna, Garada şehit edilen 13 türk raýaty üçin duýgudaşlyk bildirdi we wakadan ekstremist terror guramasy PKK-nyň jogapkärdigini aýtdy.

Diplomatik töwerekleriň berýän maglumatyna görä, Çawuşoglu bilen Blinken telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar hakynda  pikir alyşdy.

Mewlüt Çawuşoglu, Blinkeni täze wezipesi bilen gutlady.

Çawuşoglu bilen Blinken sebitara meseleler bilen birlikde FETÖ, PKK/PÝD, terrora garşy göreş, Türkiýäniň Russiýadan satyn alan S-400 roketa goranyş ulgamy, Siriýa we Gündogar Ortaýer deňizi meselesini hem ara alyp maslahatlaşdy.

ABŞ-nyň täze hökümeti bilen özara sylag hormada esaslanýan we içgin gepleşikleriň geçirilmegi meselesinde ylalaşyk gazanyldy. ABŞ-nyň soňky döwürde berýän beýnnamalarynyň Türkiýäni biynjalyk edendigi bellenildi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary  Blinken gysga wagtda duşuşmak meselesinde hem ylalaşyk gazandy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan telefon söhbetdeşligi barada berlen beýannamada bolsa “Blinken bilen Çawuşoglu, Siriýadaky söweşiň syýasy taýdan çözülmegine goldaw bermek we ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek üçin ylalaşyk gazandy” diýildi.



Degişli Habarlar