Türkiýede koronawirus sanjymyny etdirenleriň sany 4 million adamdan geçdi

Türkiýede täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy sanjym etdirenleriň sany 4 million adamdan geçdi

1583918
Türkiýede koronawirus sanjymyny etdirenleriň sany 4 million adamdan geçdi

Koronawirus Ylmy geňeşiniň berýän maslahatlarynyň çäginde, Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan kesgitlenen "Kowid-19 sanjymy Milli gollanma strategiýasyna" görä, 13-nji ýanwarda Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja we Ylmy Geňeşiň agzalaryna sanjym edilmäge başlandy. 

Ondan soň bolsa, 14-nji ýanwarda ýurtda sanjym işleri ýurdyň Saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri bilen dowam etdi. 

Saglygy goraýyş ministrliginiň berýän maglumatyna görä, Türkiýede sanjym etdiren raýatlaryň sany 4 million 197 müň adamdan geçdi. 

Sanjymyň 1-nji dozasyny etdirenleriň sany 3 million 600 müň adamdan, 2-nji dozasyny etdirenleriň sany bolsa 570 müň adamdan geçdi. 

Sanjym işleri bilen bagly özüniň Twitter hasabyndna beýanat beren Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja: "Şu gün 500 müňden gowrak sanjym ederis. Sanjym etdirenleriň sany artdygy saýyn gündelik durmuşymyzdaky sorag belgeleri hem azalar" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar