Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň Efiopiýanyň paýtagty Addis-Abebadaky ilçihanasynyň açylyşyna gatnaşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, terror guramalaryna garşy göreşýändigini öňe sürýän ýurtlaryň, ekstremist terror guramasy PKK-nyň gyrgynçylyklaryna sesini çykarmaýandygyny beýan etdi

1583822
Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň Efiopiýanyň paýtagty Addis-Abebadaky ilçihanasynyň açylyşyna gatnaşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly we Efiopiýanyň Daşary işler ministri Demeke Mekonnen Türkiýäniň Efiopiýanyň paýtagty Addis-Abebadaky ilçihananyň täze binasynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşdylar. 

Mewlüt Çawuşogly, ol ýerde eden çykyşynda, Türkiýäniň bütin Afrika ýurtlaryna goldaw bermäge dowam etjekdigini belläp: "Efiopiýanyň we Afrika ýurtlarynyň esasan hem terror guramasyna garşy göreşine güýçli we anyk ýagdaýda goldaw bermäge dowam ederis" diýip habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly, ençeme ýyllap terror guramasyna garşy göreşen bir ýurt we millet hökmünde Türkiýäniň, Afrika ýurtlarynyň terrora garşy göreşini örän gowy düşünýändigini nygtap: "Arasynda Günbatar ýurtlary hem bolan dünýäniň ençeme ýurdy ýaly hiç wagt ikiýüzli çemeleşmedik, ikiýüzlilik etmedik. Türkiýe hökmünde biri-birinden tapawutly terror guramalary bolan PKK, ÝPG, DAIŞ we beýleki terror guramalaryna garşy göreşimizi dowam etdireris" diýip mälim etdi. 

Türkiýäniň hem serhetleriniň çäginde hem-de serhetlerinden daşary terror guramalaryna garşy göreşini tutanýerlilik bilen dowam etdirjekdigini aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Ol ýerlerden hem ÝPG/PKK-ny saplaýançaga çenli göreşimiz dowam eder. PKK terror guramasy hemişe bolşy ýaly elhenç ýüzüni görkezdi we ozal zamun alan 13 bigünä raýatymyzy şehit etdi. Elbetde şehitlerimiziň gany hiç wagt ýerde galmady, mundan soň hem galmaz we şol terrorçylary hem saplarys. Emma soňky 2 günde görüşimiz ýaly terrora garşy göreşýändigini aýdýan ýurtlar PKK-nyň bu gyrgynçylygyna garşy sesini çykarmaýarlar, meseläni egerler we emmalar bilen başlaryndan sowmaga synanyşýarlar" diýip aýan etdi. 



Degişli Habarlar