ABŞ-nyň Ilçisi Daşary Işler Ministrligine Çagyryldy

“ABŞ-nyň ilçisi Satterfiel ministrligimize çagyryldy we ABŞ-nyň beýannamasyna berk garşylyk görkezildi”

1584052
ABŞ-nyň Ilçisi Daşary Işler Ministrligine Çagyryldy

 

ABŞ-nyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Dewid Satterfield Daşary işler ministrligine çagyryldy we ýurdunyň, Garada ekstremist terror guramasy PKK tarapyndan şehit edilen 13 türk raýaty hakyndaky beýannamasy sebäpli reaksiýa bildirildi.

Daşary işler ministrliginden mesele hakynda berlen beýannamada, “ABŞ-nyň ilçisi Satterfiel ministrligimize çagyryldy we ABŞ-nyň beýannamasyna berk garşylyk görkezildi” diýildi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan, Yragyň Gara etrapçasynda ekstremist terror guramasy PKK tarapyndan 13 türk raýatynyň şehit edilmegi barada berlen beýannamada, “Türk raýatlarynyň terror guramasy PKK-nyň elinde öldürlendigi hakyndaky habarlar dogry bolsa onda bu hüjümi berk ýazgarýarys” diýlipdi.

Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy R. T. Erdogan hem partiýasynyň Rize welaýat kongresinde eden çykyşynda ABŞ-nyň beýannamasyna berk garşylyk görkezipdi.



Degişli Habarlar