Sanjymlamanyň Ikinji Tapgyry Başlady

Türkiýede koronawirus pandemiýasyna garşy sanjymlama tapgyry bökdençsiz dowam edýär

1581566
Sanjymlamanyň Ikinji Tapgyry Başlady

Häzirki wagta çenli 3 milliona barabar raýata Kowid-19 sanjymy edildi.

14-nji ýanwarda birinji doza sanjym edilen saglygy goraýyş işgärlerine şu gün ikinji doza sanjym edilýär.

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja “Maksadymyz ilatymyzyň azyndan 60 göterimini sanjymlamak” diýip, sanjymyň wirusa garşy iň güýçli ýaragdygyny beýan edipdi.

Meýilleşdirilen sanjymlama tertibine görä şu günden başlap 70 ýaş we ýokardaky raýatlaryň sanjymlanyş taptyry başlar.

Mundan ozal 90 ýaş we ýokardaky raýatlara sandym edilipdi.

Ministr Kowa Ylmy geňeşiň düýnki maslahatynda 65 ýaşly we ondan uly bolan raýatlaryň hem ertirden başlap sanjymlanmaga başlanjakdygyny beýan edipdi.

 



Degişli Habarlar