"Hiç bir döwlet ýa-da şahsyýet Türkiýäniň kazyýetlerine kazyýet işi bilen bagly buýruk berip bilmez"

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi: "Hiç bir döwlet ýa-da şahsyýet Türkiýäniň kazyýetlerine kazyýet işi bilen bagly buýruk berip bilmez" diýip nygtady

1581645
"Hiç bir döwlet ýa-da şahsyýet Türkiýäniň kazyýetlerine kazyýet işi bilen bagly buýruk berip bilmez"

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Metbugat geňeşçisi Hami Aksoý, ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat sekretary Ned Praýsyň, Türkiýede tussaglykda bolan Osman Kawalanyň azat edilmelidigi baradaky beýanatyna reaksiýa bildirdi. 

Hami Aksoý beren ýazmaça beýanatynda, azat edilmek baradaky çagyryşa 2020-nji ýylyň 28-nji iýulynda jogap berilendigini ýatladyp, şol bir mazmundaky ikinji beýanatyň hukuk döwleti ýörelgesine bap gelmeýändigini habar berdi. 

Hami Aksoý, Osman Kawala garşy garaşsyz kazyýetler tarapyndan alynyp barylýan kazyýet işiniň dowam edýändigini we her kimiň bu etaba hormat goýmalydygyny belläp: "Ýewropanyň Adam hukuklary kazyýeti Osman Kawala bilen bagly kararyň ýerine ýetirilişiniň gözegçiligini Ýewropa Geňeşiniň delegatlar komitediniň adam hukuklary temaly maslahatynda amala aşyrýar. Hökümetimiz şol çäkde gerek bolan maglumaty hödürleýär" diýip mälim etdi. 

Hami Aksoý, Türk demokratiýasyna harby agdarlyşyk synanyşygyny guran Fetullahçy terror guramasynyň lideriniň Türkiýä yzyna gaýtarylyp berilmegi bilen bagly hukuk etabyny bahana edýän bir ýurdyň, Türkiýede dowam edýän hukuk etabyna goşulmaga synanyşmagyň ýörelgesiz we tertipsiz bir çemeleşmedigini belläp geçdi. 

Hami Aksoý: "Türkiýe hukuk döwletidir. Hiç bir döwlet ýa-da şahsyýet Türkiýäniň kazyýetlerine kazyýet işi bilen bagly buýruk berip bilmez" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar