Türkiýe Täze START ylalaşygynyň möhlediniň uzadylmagyndan hoşal

Türkiýe ABŞ bilen Russiýanyň arasyndaky Täze Strategik ýaraglaryň azaldylmagy bilen bagly ylalaşygyň (Täze START) ýene-de 5 ýyl uzadylmagyndan hoşaldygyny beýanat etdi

1576953
Türkiýe Täze START ylalaşygynyň möhlediniň uzadylmagyndan hoşal

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Metbugat geňeşçisi Hami Aksoý, ABŞ bilen Russiýanyň arasyndaky Täze START ylalaşygynyň ýene-de 5 ýyl uzadylmagy bilen bagly karar barada berilen soraga ýazmaça jogap berdi. 

Hami Aksoý: "ABŞ bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda 2021-nji ýylyň 5-nji fewralynda möhledi doljak Täze START ylalaşygynyň ýene-de 5 ýyl möhlet bilen uzadylmagy bilen bagly karara hoşallyk bildirýäris we ony goldaýarys" diýip habar berdi. 

ABŞ bilen Russiýanyň ýadro güýçlerini çäklendirýän Täze START ylalaşygynyň, iki ýurdyň arasynda strategik durnuklylygy üpjün edýän dolanşykdaky soňky ylalaşyk bolmagy taýdan global ähmiýede eýedigini aýdan Hami Aksoý: "Edilen bu möhüm ädimiň, ýaraglaryň gözegçilikleriniň güýçlendirilmegine we global howpsuzlyk bilen bagly synaglara garşy göreşe goşant goşjakdygyna ynanýarys" diýip belledi. 



Degişli Habarlar