Kovid-19 Sanjymynyň Ikinji Tapgyrynyň Ikinji Bölegi Stambula Geldi

Sanjymlary alyp gelen uçar Stambul howa menziline gondy.

1573347
Kovid-19 Sanjymynyň Ikinji Tapgyrynyň Ikinji Bölegi Stambula Geldi

Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi dowam edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 129 boldy.

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 25 müň 605 adama ýetdi.

24 sagadyň dowamynda 173 müň  210 adam testden geçirilip, ýene-de 670 adama koronawirusyň ýokaşandygy  anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 7 müň 279 adama ýetdi

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 8 müň 902 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 2 million 340 müň 216 adama ýetdi.

Beýleki tarapdan koronawirusa garşy taýarlanan sanjymlaryň ikinji tapgyrynyň ikinji bölegi Türkiýä geldi.

Hytaýdan alynan 10 million dozalyk Kovid-19 sanjymynyň ikinji tapgyrynyň ikinji bölegi Stambula geldi.

Sanjymlary alyp gelen uçar Stambul howa menziline gondy.

Gümrük işlerinden soň sanjymlar ammarlara daşalmaga başlandy.



Degişli Habarlar