Erdogan: "Epidemiýa sebäpli ýogalýan adamlaryň sanyndaky azalyş maňa örän uly umyt berýär" diýdi

Prezident Erdogan Stambulda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi

1573682
Erdogan: "Epidemiýa sebäpli ýogalýan adamlaryň sanyndaky azalyş maňa örän uly umyt berýär" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, koronawirus epidemiýasy bilen bagly öňüni alyş çäreler barada, Ylmy Geňeşiň beýanatlarynyň özi üçin möhümdigini belläp: Epidemiýa sebäpli ýogalýan adamlaryň sanyndaky azalyş maňa örän uly umyt berýär" diýip habar berdi. 

Prezident Erdogan Stambulda beren beýanatynda, Kowid-19 mutasiýasy bilen bagly: "Hawa, mutasiýa bilen bagly käbir oňaýsyz hadysalar bar, emma nesip bolsa onuň hem hötdesinden geljekdigimize ynanýaryn" diýip belledi. 

Prezident Erdogan, Elon Mask bilen geçiren telefon söhbetdeşligi bilen bagly bolsa: "Biz älem giňişligi bilen bagly işlerimizde olar bilen hyzmatdaşlyk etdik. Türksat 5-e taýarlanýarys. Bilelikde nämeler edip bileris bu babatda men hem resmileriň birini şol işler bilen gyzyklanmagy üçin bellärin we ol Elon Mask bilen dowamly aragatnaşykda bolar" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar