Türkiýäniň Harby-howa güýçleri NATO uçaryna ilkinji gezek howada gije şertlerinde ýangyç guýdy

Türkiýäniň Harby-howa güýçlerine degişli tanker uçary NATO degişli uçary ilkinji gezek howada gije şertlerinde ýangyç bilen üpjün etdi

1573119
Türkiýäniň Harby-howa güýçleri NATO uçaryna ilkinji gezek howada gije şertlerinde ýangyç guýdy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda: "Germaniýadan uçan we Howpsuzlyk bilen bagly çäreleriň çäginde iş alyp barýan NATO degişli E-3A AWACS kysymly uçara, Türkiýäniň Harby-howa güýçlerine degişli KC-135R kysymly tanker uçaryndan Rumyniýanyň howa giňişliginde ýangyç guýuldy. Ýerine ýetirilen wezipe bilen NATO degişli uçar ilkinji gezek howada gije şertlerinde ýangyç bilen üpjün edildi" diýip habar berildi. 

Beýanatda ýangyç üpjünçiligi bilen bagly wideo hem paýlaşyldy. 


Etiketkalar: #gije , #ýangyç , #NATO , #Türkiýe

Degişli Habarlar