Şu gün Milli Howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň ilkinji maslahaty geçiriler

Milli Howpsuzlyk geňeşiniň maslahaty şu gün, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçiriler

1572684
Şu gün Milli Howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň ilkinji maslahaty geçiriler

Şu ýylyň ilkinji maslahatynda, Gündogar Ortaýer deňizindäki ýagdaý, Türkiýäniň goşunynyň Azerbaýjanda, Liwiýada we Siriýada alyp barýan işleri bilen terrora garşy göreş ýaly meseleler başda bolmak bilen strategik ähmiýetli ugurlaryň ara alynyp maslahatlaşylmagy meýilleşdirilýär. 

Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda, Egeý we Gündogar Ortaýer deňizlerindäki meseleleri ele almak maksady bilen ýaňadandan başladylan deslapky gepleşikleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryny emele getirmegine garaşylýar. 

Şol çäkde Türkiýäniň we DKTR-nyň Gündogar Ortaýer deňizindäki bähbitleriniň çäginde ediljek ädimleriň maslahatda ele alynjak ugurlaryň biri boljakdygy çak edilýär. 

Siriýa meselesi bilen birlikde türk harbylarynyň Azerbaýjanda we Liwiýada geçirýän işleri we Türkiýäniň günortasynda terrorçylara garşy alynyp barylýan göreşiň hem maslahatda ele alynmagyna garaşylýar. 

Maslahatda PKK/KJK-PÝD/ÝPG we DAIŞ başda bolmak bilen ähli terror guramalaryna garşy geçirilýän operasiýalar bilen beýleki sebitleýin we milli howpsuzlyk bilen bagly meseleleriň hem maslahatlaşylmagy göz öňünde tutulýar. 



Degişli Habarlar