Prezidentiň Ýokary maslahat beriş geňeşiniň maslahaty Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirildi

Prezident Erdoganyň ýolbaşýylyk etmeginde geçirilen Prezidentiň Ýokary maslahat beriş geňeşiniň maslahatynda Günbatar jemgyýetinde barha ýaýbaňlanýan daşary ýurt we Yslam duşmançylygy meseleleri maslahatlaşyldy

1572602
Prezidentiň Ýokary maslahat beriş geňeşiniň maslahaty Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirildi

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde Prezidentiň kompleksinde metbugata ýapyk häsýetde geçirilen Prezidentiň Ýokary maslahat beriş geňeşiniň maslahaty takmynan 2,5 sagat dowam etdi. 

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, maslahatdan soň beren beýanatynda, geňeşiň agzalary tarapyndan Günbatar jemgyýetinde barha ýaýbaňlanýan daşary ýurt we Yslam duşmançylygy ýaly meseleleriň ele alynandygyny, Yslam dünýäsiniň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşylandygyny habar berdi. 

Fahrettin Altun, Prezident Erdoganyň maslahatda, Günbataryň ençeme wagtlap arkasynda saklan demokratiýa, azatlyk, adam hukuklary makiýažy bozuldygy saýyn, rasizm, diskriminasiýa, wagşy we wandal ýüzüniň özüni belli etmäge başlandygyny aýdandygyny, Mýanmadan Gündogar Türkistana, Balkanlar we Kawkazlardan Palestina çenli biri-birinden tapawutly geografiýalarda musulmanlara garşy gyrgynçylyklaryň, zulumyň, basyşyň, basyp alyşlygyň we fanatizmiň dowam edýändigini, iň wehimli we aýylganç sahnalara Yslam geografiýasynda şaýatlyk edilýändigini mälim etdi. 

Altun: "Geňeşiň agzalary Yslam dünýäsiniň içerki düşünişmezçiliklerinden azat bolup birligiň we jebisligiň güýçlendirilmegi we diniň özünden gelip çykmaýan arkasy garaňky gurluşlara garşy göreş bilen bagly meseleler babatynda pikir alyşdylar" diýp habar berdi. 



Degişli Habarlar